СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Атаева освобождена от должности постпреда Туркменистана при ООН 08 Марта 2026 г., 00:35Группа национальных конных игр «Галкыныш» выступила в Баку 05 Марта 2026 г., 13:32Туркменистан разрабатывает национальную стратегию искусственного интеллекта 05 Марта 2026 г., 13:23Рашид Мередов оставил запись в книге соболезнований в посольстве Ирана в Ашхабаде 05 Марта 2026 г., 13:20Туркменский дипломат выступил с лекцией в казахском агротехническом университете 05 Марта 2026 г., 13:13Туркменистан и Азербайджан договорились о сотрудничестве в сфере коневодства 05 Марта 2026 г., 13:10

“Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynыň awiaparky yzygider täzelenýär
10 Июль 2013 г., 11:06

1992-nji ýyldan başlap şu günlere çenli Türkmenistanyň milli howa gatnadyjysy – “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasy tarapyndan howa parky doly täzelenilip, “Boeing-757/200”, “Boeing-737/300”,“Boeing-737/800”,“Boeing-717/200”,“Boeing-737/700”,“Boeing-777/200” ýaly uçarlar satyn alyndy we alynyp gelýär. Biziň hünärmenlerimiz Beýik Britaniýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Fransiýada türgenleşik okuwlaryny geçdiler we geçmeklerini dowam edýärler. Şeýle hem uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede alynyp barylýar.

Türkmenistanyň milli howa gatnadyjysy Ýewropanyň we Aziýanyň 11 sany ýurtlarynyň 15 sany şäherlerine, ýagny Beýik Britaniýa, Germaniýa, Taýland, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Türkiýe, Gazagystan, Hindistan, Hytaý Halk Respublikasy, Belarussiýa, şeýle hem Türkmenistanyň içerki howa ugurlaryna yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirýär.

“Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasy tarapyndan ýakyn geljekde Pariž, Milan, Singapur, Kuala-Lumpur, Hoşimin, Hanoý şäherlerine gatnawlaryň ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle-de “Boeing-777/200”,“Boeing-737/800” kysymly howa gämilerinde güýmenje hökmünde multimediýa ulgamlary gurnalan.

Ýolagçylara berilýän bort iýmitiniň hili ähli standart kadalara we talaplara laýyk gelip, ýyly iýmit hemişe täze taýýarlanylan görnüşinde getirilýär, şeýlelikde iýmit özüniň ähli tagamlaýyn hilini we ýokumlaryny özünde saklaýar.

Ýolagçylar hödürlenilýän bort iýmitiniň dürli görnüşinden saýlap bilýärler (ekonom klasynda ýyly naharlaryň 4 görnüşi). Şeýle hem bort iýmitiniň möçberiniň we hiliniň, beýleki awiakompaniýalaryň uçarlarynda ýolagçylara berilýänlere garanyňda has ýokarydygyny bellemek bolar.

Biziň uçarlarymyzyň içi arassa ýagdaýda saklanýar, bu bolsa türkmenleriň arassaçyllyk düzgün-tertibine laýyk gelýär.

 “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynyň howa ulaglarynyň uçarbeletleri hemişe hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler. Uçarbeletleriň iňlis dilini bilmekleri ortaça “upper intermediate” derejesine laýyk gelýär.

Uçuşlar ýerine ýetirilende, uçarbeletler özleriniň borçlaryna ýokary talap ediji bolmak bilen, ýolagçylaryň haýyşlaryna uly dykgat edýärler.

2017-nji ýyla çenli Aşgabat şäheriniň halkara aeroportynyň çäginde, sebitde täze has iri aeroport toplumy gurular. Ol täze ýolagçy we ýük terminalynyň gurluşygyny hem-de bar bolan ýerüsti infragurluşyň durkunyň täzelenilmegini göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýolagçylary bellige almak üçin has kämil tehnologiýalar hem göz öňünde tutular.