СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Балканском велаяте Туркменистана построят здание Центра связи Сегодня, 15:04Туркменистан модернизирует ковровое производство Сегодня, 14:58Туркменистан и Kawasaki выведут на проектную мощность завод «Марыкарбамид» Сегодня, 14:50Президент Туркменистана заслушал доклад о ходе весенних полевых работ Сегодня, 14:46Туркменистан модернизирует объекты для поставок сжиженного газа Сегодня, 14:43В Туркменистане готовят законопроект для популяризации наследия Махтумкули Сегодня, 14:41

ŞALÝAPIN WE TÜRKMENISTAN
11 Январь 2014 г., 11:29

Ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  halkymyzyň köpasyrlyk milli medeni, edebi we taryhy mirasy gaýtadan dikeldilýär.

 

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri dünýä syýahatçylarydyr jahankeşdeleriniň, dünýä medeni mirasyny öwrenijilerdir beýik sungat ussatlarynyň arzuwly mekany bolupdyr. Kimleri bu gadymy topragyň  asyrlara şaýat bolup oturan gadymy ýadygärlikleri gyzyklandyrsa, kimleri üstünden set-müň bezirgenler geçen gadymy Ýüpek Ýolunyň taryhy, älem syrlaryndan many saçýan gadymy golýazmalaryň dürdäneli dünýäsi we türkmeniň ajaýyp aýdym-saz mirasy özüne maýyl edipdir.

Öz ýaşan manyly ömründe türkmen aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanyp, türkmen topragyna gelip görmegiň arzuwunda ýaşanlaryň biri hem meşhur rus aýdymçysy Feodor Iwanowiç Şalýapindir.

F. I. Şalýapin 1873-nji ýylyň fewral aýynyň 1-ine Kazan şäherinde işçi maşgalasynda dünýä inýär. Ol 17 ýaşynda Ufada opera truppasynda işläp başlaýar. 1891 –nji ýylda bolsa ukrain operetta truppasyna goşulyp, Russiýanyň köp şäherlerinde gastrolda bolýar.

Belent sesli aýdymçynyň kämilleşmeginde beýik rus kompozitory S. M. Rahmaninow uly rol oýnaýar. Şeýdip, kämillik güzerinden ätlän aýdymçy Sankt-Peterburgyň, Moskwanyň opera teatrlarynda baş rollarda çykyş edýär. ,,Iwan Susaninde’’ Susaniniň, ,, Boris Godunowda’’  Godunowyň, ,,Ewgeniý Oneginde’’ Oneginiň keşpleri oňa
uly şöhrat getirýär.

1922-nji ýylda F. I. Şalýapin Parije gidip, ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşaýar. Ol 1938-nji ýylyň 12-nji aprelinde 65 ýaşynda aradan çykýar.

Feodor Iwanowiç Şalýapiniň Türkmenistana gelip görmek arzuwy 1905-nji ýylda sesiniň daş ýaryp duran mahaly, 32 ýaşynda hasyl bolýar. Ol şonda Gyzylarbat (häzirki Serdar) şäherine barýar we ol ýerde 1882-nji ýylda gurlan Wagon abatlaýyş zawodynda
işçileriň öňünde çykyş edýär. Onuň bu ýere gelip eden çykyşy barada söhbet açýan taryhy ýazgylar häzirki günlerde hem bu zawodyň ýörite taryhy muzeýinde saklanýar.

Hawa, ol günlerden bäri 109 ýyl geçipdir. Serdar şäherindäki Wagon abatlaýyş zawodynyň  täsin taryhy bar.  Zawod hakynda dürli döwürlerde köp-köp taryhy materiallar, documental we publisistik makalalar ýazylypdyr. Şolaryň biri hem şahyr  Şaly Kekilowyň 1932 nji ýylda ýazan poýemasydyr. Şahyr zawod hakyndaky täsirlerini   şeýle setirlerde beýan edipdir: 

Aýlanyp bir görseň zawodyň için,

Ýene bir aýlanyp göresiň gelýär.

Bu mertler ýurdunyň batyr işinden,

Halkyňa şat habar beresiň gelýär.


Şahyr bu poýemasyny döredende, birnäçe gün ol ýerde bolupdyr.

Ynha liteýniý seh, her ýeri ýagty,

Körükde towlanyp otlar oýnaýar.

Körügiň üstünde uly gazanda,

Polat, çoýun eräp, suw dek gaýnaýar.

Hudojniker Nazar Ýomudskiniň zawodyň işçileriniň durmuşyndan söhbet açýan ,,Perçinleýjiler’’,  Aman Kulyýewiň ,,Wagon remont zawody’’ kartinalaryny  hem şeýle sungat eserleriniň hataryna goşmak bolar.

Hawa, şäheriň orta gürpünde  täze döwrüň-Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bady bilen täze depginde uly güýç bilen işläp duran Wagan abatlaýyş zawody diýseň täsin wakalara  eýe. Onuň taryhy wakalara baý muzeýinde 1905- nji ýylda olýere beýik rus aýdymçysy F. I. Şalýapiniň  gelendigi hakynda taryhy maglummatlar bar.

Muzeýiň diwarlarynda, aýna gaply tekjelerde zawogyň taryhyna degişli taryhy maglumatlar giň orun tutýar. Onuň  bir burçy  başy şlýapaly, bugdaýreňk, laçyn ýaly uzyn boýly, nurana keşpli Şalýapiniň bu ýere gelen saparyna bagyşlanypdyr. Ol pursatlar şeýle setirlerde beýan edilipdir: ,,Ol döwürler zawodyň iş rejesi şeýle eken, ýagny,  äpet gudok şol bir düzülen belli sagatlarda gygyryp, işçileri işe çagyrýar eken. Iňňäň gözi ýaly deşikden çykýan ses kyrk kilometr daşlykda hem edil ýanyňda ýaly eşidilýär eşidilipdir.

Gudok bir gije-gündiziň dowamynda ýedi gezek ýaňlanýar. Onuň ýaňlanyş rejesi şeýle eken: Ir säher 7.00 ol işçileri ukudan oýarýar. 7.30 da bolsa ol iki sapar ýaňlanyp, işgärleri iş ýoluna çagyrýar. 8.30-da üç sapar ýaňlanyp,  işiň başlanandugy hökmünde çar tarapa ýaň salýar. 12.30 –da bir sapar ýaňlananda ol nahar wagtynyň bolandygyny alamatlandyrsa, 13.00-da bir sapar ýaňlanyp, onuň tamamlanandygyny äşgär edýär.17.00-da ýaňlananda  ol işiň tamamlanandygyny, gije sagat 24.00-da  bolsa ýene reje boýunça  iş wagtynyň  başlanýandygyny habar berýär.

Şol gün, ýagny 1905-nji ýylyň 16-nji maýynda gudok zawodyň taryhynda ilkinji sapar 18.00-da üç sapar ýaňlanypdyr. Şol döwür zawodyň işçileriniň sany bir müňden agýar eken. Muňa haýran bolan işçiler uly bilesigelijilik bilen zawodyň giň ýaýlymly dabaralar geçirilýän meýdançasyna ýygnanypdyrlar. Görseler, ol ýeri  şäher ilatyndan gyrba-gyrat. Görlüp oturylsa, gudogyň bu ýaňlanmasy bu uzak ilden gelen belli rus aýdymçysy Şalýapiniň çykyşyna tomaşa  etmäge çagyryş eken. Şonda elleri al-elwan gülli ilat meşhur rus aýdymçysynyň ýogyn sesi bilen ýerine ýetiren aýdymlaryny  uly gyzyklanma bilen diňläpdirler. Konsert iki sagada golaý dowam edipdir. Bu waka zawodyň taryhyna altyn sahypa bolup giripdir.

Häzirki döwürde belli rus opera aýdymçysy F. I. Şalýapiniň Sankt-Peterburg şäherinde öý muzeýi bar. Ondaky muzeý eksponatlarynyň arasynda belli aýdymçynyň Türkmenistanda şol saparky  döredijilik saparyndan söhbet açýan ýazgylar hem aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanda döredilen ilkinji senagat ojaklarynyň biri bolan Serdar şäherinin Wagon abatlaýyş zawodynyň giň ýaýlymly dabaralar meýdançasyna seýran etseň, henizlerem ol ýerden Gulagyňa Şalýapiniň  sesi eşidilip duran ýaly bolýar.

Munuň özi gadymy türkmen topragynyň hakyky sungat eserleridir onuň bilen baglanyşykly täsin wakalary öz goýnunda hemişelik saklaýandygynyň beýanydyr.