Teatr we kino nakgaşçylygy
08 Январь 2014 г., 18:22

Gözbaşyny geçen asyryň başyndan alyp gaýdan Türkmenistanyň kämil teatr we kino sungatynyň ýokary derejesi bolan, sazly sahna sungatyny – operany gaýtaryp bermek bilen hormatly Prezidentimiz tutuş türkmen teatryny galkyndyrdy. Teatrlarymyza ýoň bolan “taslamalar”-dan hakyky teatral dramaturgiýa tarap ýol açyldy. Häzirki zaman pýesalary bilen bir hatarda taryhy, nusgawy we terjime eserleri hem işlenilip başlandy. Sahnada dörediljek keşp ilki bilen suratkeş tarapyndan taslama (eskiz) ýa-da maketde görkezilýär. Taslama gözleginden makete çenli we sahnanyň bezegi dekorasiýanyň çeperçiligi we onuň has täsirli çykmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Teatr dekorasiýasy sahnany bezemekden, ýörite tutudan (ýa-da tutulardan), sahna giňişligini dogry çözmekden, perde, yzky meýilnama we ş.m. zatlardan ybarat bolup durýar. Sahnada durmuşyň görkezilişi köp taraplydyr. Iň gowy teatr suratkeşleriniň döredijiliginde taslama diňe bir sahna bezeginiň iş meýilnamasy däl-de, eýsem özbaşdak çeper eser hasaplanylýar.
Teatr we kino suratkeşleriň arasynda ýagny B.Nuraly, H.Allaberdiýew, Ş.Akmuhammedow ýaly beýik ussatlaryň deň hataryna Türkmenistanyň halk suratkeşi TDÇA-nyň halypa mugallymy Annadurdy Almämmedowy goşmak ähmiýetlidir. A.Almämedowyň döredijiliginiň ilkinji etapy Türkmen Döwlet ýaş tomaşaçylaryň teatry bilen baglydy. Ol bu ýerde goýulan ençeme sahna eserleri üçin bezeg işini ýerine ýetirdi. Suratkeş öz döredijiligi bilen türkmen teatr-bezeg sungatynda dörän ýollaryny üstünlikli dolduryp öňe ösdürdi. Almämmedowyň batyrgaý, täzeçil işleri Türkmenistanyň teatr-dekoratiw sungatyna täzelik bolup girdi. Olaryň arasynda Ç.Aýtmatowyň “Ak gämi” romanyna eden dekorasiýasy has görnükli orny eýeleýär. R.Esenowyň, A.Agabaýewiň we D.Oraýewiň “Ok” pýesasy boýunça goýlan spektaklyň dekorasiýasy üçin ol baýraklara mynasyp boldy. Annadurdy aganyň Garagum derýasy hakyndaky “Çöldäki jöwza” atly dramasyna düzen eskizleri örän özboluşlydyr. Suratkeş bu işinde halklaryň dostlugy, agzybirligi baradaky taglymaty esas edip alypdyr.
Uly ussatlaryň täsirinde bolup, özbaşdak döredijilik ýoluna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş nakgaşlar mugallymlary Baýram Nuryýew, Anna Annaýew başladylar. B.Nuryýew “Söýgi we mekirlik”, “Hajy horramyň hazynasy”, “Romeo we Žulietto” atly birnäçe spektakllaryň sahna we geýim bezeglerini çeperçilik taýdan milli äheňleri ulanyp ýerine ýetirdi. A.Annaýewiň şowly çykan işleriniň biri “Leýli-Mežnun” operasynda, beýleki sahna ussatlary ýaly, operany teatrda goýlan oýunlar esasynda utgaşdyryp, bezäp suratlandyrýar. Mežnunyň durmuşyna laýyklykda öňünde duran äpet päsgelçilikleri tebigatyň üsti bilen kybaplaşdyrypdyr.
Türkmen teatr-kino nakgaşçylyk sungatynyň täzeden Galkynyşy ýaş suratkeşleriň hyjuwyna hem-de döwrüň talaplaryna bagly bolup, bezeg sungaty kämilleşýär. Bu sungatynyň esasy wezipesi diňe bezegi hökmünde däl-de, eýsem spektaklyň we gahrymanlaryň esasy ideýasyny hakykat bilen baglaşdyryp tomaşaça ýetirmekdir.