СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: 95 молодых туркменистанцев выиграли стипендии на обучение в Китае 26 Август 2025 г., 10:32Туркменистан и Азербайджан проведут перекрестные Дни культуры 26 Август 2025 г., 10:30Огулджахан Атабаева и мэр Шанхая обсудили туркмено-китайское сотрудничество 26 Август 2025 г., 10:28Мередов и Гиллани обсудили туркмено-пакистанское сотрудничество 26 Август 2025 г., 10:25В Ашхабаде обсудили реализацию проекта газопровода ТАПИ 26 Август 2025 г., 10:18Главы МИД Туркменистана и России провели телефонный разговор 25 Август 2025 г., 10:17

Hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilýän “Türkmen topragynyň baýlyklary” atly baýramçylyk sergisi
23 Ноябрь 2013 г., 16:29

            Toýdur baýramlary bir-birine ulaşýan Diýarymyzda bu gün ýene-de bir ajaýyp baýramçylygyň toýy toýlanýar. 2013-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilýän “Türkmen topragynyň baýlyklary” atly baýramçylyk serginiň açylyş dabarasy geçirildi.  Babadaýhanyň alyn deriniň, arly ýylky çeken zähmediniň miwesi bolan, bereketli hasylyň  baýramçylyk dabarasy bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Diňe bir adaty baýramçylyk bolman, daýhanyň zähmediniň  toýy bolup durmuşa ornaşan bu dabaranyň şanyna her kim zähmet sowgatlaryny taýýarlaýar.       

Ýurdumyzyň  hasyl  baýramçylygy Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem uly şowhun bilen dabaralanýar. Oňa bagyşlanyp guralan  sergide suratkeşleriň daýhanlar, olaryň ýetişdiren hasyllary,  nazy-nygmatlary, hasyl ýygymy  baradaky ajaýyp eserleri ýerleşdirilen. Onda tomaşaçylar, A.Amangeldiýew, Ç.Gulow,  Ç.Öwwaýew, D.Baýramow, N.Hojamuhammedow, W.Bagdasarýan, A.Akyýew, A.Nuryýew, A.Myradalyýew, A.Meýdanow, M.Orazberdiýew, M.Muhammetmyradow  ýaly halypa suratkeşleriň nakgaş eserleri  bilen bilelikde ýaş suratkeş M.Ataýewiň ajaýyp peýzažlaryny, Ý.Grişiniň owadan natýurmortlarynynyň uly toplumyny synlap bilerler.

Ç.Gulowyň “Pagtaçylar“ atly eserlerinde pagta ýygymynyň bereketli hasylynyň ýygnalyp, harmana tabşyrylýan pursaty, oba zähmetkeşleriniň, esasanam pagtaçy gelin-gyzlaryň joşgunly zähmetleri wasp edilen bolsa, Ç.Öwwaýewiň “Hasyl” atly işinde türkmen topragynda ýetişdirilen tylla başly ak bugdaýyň ýygnalyşy barada söhbet açylýar. Ý.Grişiniň  ir-iýmişleriň bolçulygy barada reňkler bilen ýazylan, kalbyňy maýyl edýän ajaýyp natýurmortlary bolsa, öz gözel görnüşi bilen  tomaşaçylary özüne çekip dur. 

Bulardan başga-da, tomaşaçylar sergide  M.Ýüzbaşýewiň, J.Jumadurdynyň, W.Jumaýewiň  heýkel eserlerine-de tomaşa edip bilerler. Ähli türkmen halkyny, mähriban Prezidentimizi, ýurdumyzyň zähmetkeş daýhanlaryny  hasyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Janyňyz sag bolsun!