СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Яркие события третьего дня Недели культуры–2025 в Туркменистане 25 Июнь 2025 г., 14:41Лавров возложил цветы к памятнику «Вечная слава» в Ашхабаде 25 Июнь 2025 г., 14:38Туркменская делегация изучила опыт перехода на природные хладагенты России 25 Июнь 2025 г., 14:34Туркменские паломники, совершив хадж в Саудовской Аравии, вернулись домой 25 Июнь 2025 г., 14:31В Туркменистане отметили 25-летие сотрудничества с Азиатским банком развития 25 Июнь 2025 г., 14:28В Ашхабаде построят медицинское училище при кредитовании АБР 24 Июнь 2025 г., 14:26

Iş orunlary hem ýaşlaryň hünär meselesi
31 Марта 2014 г., 16:59

Islendik ýurtda raýatlary iş bilen üpjün etmek döwletiň baş meseleleriniň biridir.  Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýylynda 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Baş kanunymyz boýunça döwlet, hususy eýeçiligi deň derejede ykrar edildi. Ykdysatiýetimiziň bazar ykdysatiýetine esaslanýandygy ykrar edildi. Bu bolsa ýaş türkmen döwletiniň täze bir demokratik jemgyýetçilik gurluşygyna geçmegine kanuny esas berdi. SSSR-de täze on bäş sany Garaşsyz döwletiň emele gelmegi bilen  öňki Soýuza tabyn, biri–birine bagly gurlan döwlet eýeçiligindäki zawod-kärhanalaryň arabaglanyşygy ortadan aýryldy, çünki ol zawod–kärhanalaryň köpüsi 1990-nji ýyllaryň başyna hususy eýeçilige degişli bolupdy. Şonuň üçin Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda türkmen döwletiniň ilatyň sosiýal durmuşyny goramak üçin eden tagallalaryna garamazdan,  döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň ýapylmagy, onuň ýerine bolsa hususy eýeçilikdäki önümçiligiň kemala gelip ýetişmezligi bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň sosial ýagdaýynyň peselendigi, belli bir derejede işsizligiň dörändigi hem hakykatdyr.

Ýöne 2000-nji ýyllaryň başyndan ýudumyzyň ykdysady kuwwaty berkäp başlady. 2007–nji ýylyň fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen döwletimizi özgertmek üçin Konstitusiýion reformadan başlamak kararyna gelindi. 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda redaktirlenip kabul edilen Baş kanunymyzda möwriti geçen maddalar aýrylyp, „Halk Maslahaty“ ýatyryldy.  Raýatlarymyza has köp erkinlik berildi. Şeýlelikde raýatlarymyzyň sosiýal ýagdaýy barha gowlaşýar.

Bu günki gün  ýurdumyzyň senagatynda,  oba hojalygynda, islendik pudagynda hem zähmet çekseň, mynasyp derejede ýaşamaga mümkinçilik bar. Elbetde, munuň özi ýurdumyzda iň ýokary belent derejä ýetilendigini aňlatmaýar. Ilaty iş bilen üpjün etmek, ýaşlary hünärli etmek  döwletimiziň baş aladalarynyň biridir.

28-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň mežlisinde Türkmenistanyň Prezidentine berlen hasabatda ýurdumyzda geçirilen seljermelere görä, boş duran iş orunlarynyň 22500-e golaýdygy aýdyldy. Şu ýylyň ahyryna çenli ähli mümkinçilikleri hasaplap, boş duran hem täze dörediljek iş orunlaryň hasabyna 56700 iş orunlarynyň dörediljekdigi hakynda döwlet baştutanyna hasabat berildi. Häzir döwlet derejesinde kadrlar meselesiniň ýiti problemadygy boýun alynýar. Bu gutlanmaly ýagdaýdyr.

Şol geçirilen Ministrler Kabinetiniň mežlisinde daşary ýurda okamaga gidýän ýaşlarymyzyň  ýurdumyzda öňem ýeterlik bolan iş orunlary boýunça okuwa girýändikleri aýdyldy. Şol sebäpli ýaşlara haýsy ugurlardan  okuwa girmek boýunça döwlet derejesinde  ugrukdyrjy tagallalaryň gerekdigi bellenildi. Ýurdumyza zerur hünärler boýunça ýörite hem ýokary okuw jaýyny açmak, gysga möhletli hünärleri öwredýän kurslary döretmek meselesine  hem üns çekildi we şol meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara tabşyryk berildi.

Ýurdumyzda raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça döwlet derejesinde görülýän çäreler oňyn netijesini hem berer. Ýöne raýatlarymyz, esasanam ene–atalar ogul–gyzlaryny hünärli etmek, jemgyýetiň haýsy hünärlere has zerurlyk duýandygyny bilmegi derwaýysdyr.  Ilki bilen daşary ýurda okuwa gitmek isleýän ýaşlar döwlet eýeçiligindäki ýörite hem ýokary okuw jaýyna okuwa girseler maksadalaýyk bolar. Ýaşlar okuw saýlanlarynda halk hojalygynda gurluşyk inženeri, proraby, elektrigi, awtomehanik, gidrotehnik, nanotehnologiýa, biohimiýa, biofizika,  medisinadan hirurg, dilden iňlis beýleki Gündogar hem Günbatar dilleri boýunça filolog hünärmeni bolsalar we hünärlerini suwara bilseler ýurdumyzyň döwlet, hatda  hususy eýeçilikdäki pudaklarynda hem  näçe diýseň iş bar. Işe ýerleşmek üçin tanyş gözlemekden el çekip, ilki bilen daşary ýurtda okuwyny tamamlap gelen ýaşlar, umuman, işe girmek isleýän raýatlarymyz ýazgy ýeri boýunça etrap zähmet biržasyna ýüz tutmaly.

Ýaş hänärmenler Aşgabatda ýa welaýat merkezlerinde daşary ýurt ýa hususy firmalarda işlemek isleýän bolsalar, olardan  ýazgy soralmaýar.  Eger-de, daşary ýurt diplomly ýaşlar  Aşgabat şäherine ýazgysy bolmazdan, ylmy iş etmegi ýüregine düwen bolsa öz bilim alan ugrundan kämil baş çykaran halatynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ylym edaralaryna işe ýerleşip bilerler. Ýöne öz hünäriňi suwara bilmeli. Munuň üçin ýaşlar okan döwrüňde  hünärine yhlas edip, iň esasam, daşary ýurt dillerini bilmeli,   kompýuterden örän gowy baş çykarmaly.  Häzir ýurdumyzyň dürli künjeginde iňlis, hytaý, rus, hindi dillerini bilip, tejimeçi bolup, ýa bolmasa kompýuterden baş çykaryp, 1000-1500 amerikan dollary aýlyk alýan ýaşlarymyz  barmak büküp sanardan köpdür.

Elbetde, daşary ýurtdan diplom alan ýaşlarymyzyň diplomlaryny tassyklatmagy derwaýysdyr. Türkmenistanda hereket edýän häzirki düzgüne görä, daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi zerur hasaplanýar. Ýöne 2011-njy ýylyň başyndan bäri bu berk düzgüniň belli bir derejede gowşadylandygyny duýmak mümkin. Häzir Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt firmalarynda, ýerli hususy pudakda, käbir döwlet edaralarynda, hatda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ylmy edaralarynda hem daşary ýurtda ýokary bilime eýe bolup, alan diplomyny ykrar etdirmezden işläp ýörenler az däl.

Ýöne daşary ýurtda alan diplomyňy ykrar etdirmezden iş tapmagyň çetindigini aýdýanlaram bar. Şonuň üçin daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlara ilki bilen alan ýokary bilimlerini ykrar etdirmegiň ugruna çykmagy maslahat berýärin.

Daşary ýurtda bilim alan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bilim institutyna ýüz tutmagy we şol ýerde özüniň daşary ýurtda haýsy okuw jaýyny tamamlandygyny, terjimehalyny beýan etmegi zerur.

Türkmenistanyň Bilim institutynda daşary ýurt diplomlaryny ykrar edýän döwlet topary bar. Ol topar iýul-awgust aýlarynda, has dogrusy, ýaşlar diploma eýe bolup gelýän döwürleri ýüztutmalar esasynda doly güýjünde işleýär. Ýylyň beýleki döwürlerinde bolsa, ol döwlet toparynyň ýüztutmalaryň toplanyşyna laýyklykda iş alyp barýandygyny aýtdylar.

Diplomyňy ykrar etdirmek üçin öz eýe bolan hünäriňe mynasypdygyňy, türkmen dilini we halkymyzyň taryhyny ýokary bilimli ynsanyň derejesinde bilýändigiňi şol döwlet toparynyň öňünde söhbetdeşlik esasynda subut etmek zerur.

Döwlet edarasynda, şeýle hem ýurdumyzyň kanunyna laýyklykda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynda we ýerli hususy firmalarymyzda üç ýyl işlän adamlaryň daşary ýurt diplomlary gürrüňdeşlik geçirmezden ykrar edilýär.

Diplomy ykrar edilen adama Bilim ministriniň goly bilen ýörite ykrarnama berýärler. Ol ykrarnamanyň ýüzünde raýatyň haýsy daşary ýurt okuw jaýyna haçan girendigi, haýsy ýylda tamamlandygy takyk senesi bilen ýazylýar. Şol ykrarnamany alan raýat işe girende, ondan diplomy dälde, ykrarnamasynyň nusgasy diplomyň ýerine kabul edilýär.

Türkmenistanda ýakyn ýyllarda iş orunlarynyň köpeljekdigi ikuçsyz hakykatdyr. Ýöne ýaşlarymyzyň hut özem hünärli bolmagyň aladasynda bolmaly, Sebäbi  häzirki ösen tehnologiýa zamanynda hünäriňi suwara bilmezden, doly derejede hünärmen bolmak mümkin däl. Ýaşlaryň bagtly geljegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkemegi üçinem her bir raýatyň mynasyp hünäre eýe bolmagy derwaýysdyr. Muňa her bir adam, esasanam indi hünär almaly ýaşlarymyz düşünse gowy bolar.

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Türkmenistanyň YA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri