СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: ВОЗ провел семинар для туркменских фтизиатров Сегодня, 12:05Туркменистан и Таджикистан организовали творческую встречу, посвящённую дружбе двух народов Сегодня, 11:43Посол Федеративной Республики Сомали посетил МИД Туркменистана Сегодня, 11:14Глава МИД Туркменистана принял исполнительного директора по международным связям компании «Etihad Rail» Сегодня, 11:10Консул Туркменистана Пирмухаммедов обсудил сотрудничество с университетами США Сегодня, 10:45В Ашхабаде пройдет концерт «Песни Победы» Сегодня, 10:44

Küýkini gabyr hem düzetmez
21 Октябрь 2017 г., 22:29

 Masgarasyny bukjak bolup familiýasyny üýtgedýän käbir mahluklar barada

 

«Akmuhammet Jumaýew» ady tutulanda, okyjylarda «bu kimkä?» diýlen sorag döremegi ahmal.

Elbetde, bu adamyň şahsyeti üns bermäge degmeýän hem bolsa, onuň Internetde ýaýradýan käbir bolgusyz gürrüňleri pikirlerimi setirlere geçirmäge sebäp boldy.

Men, bu adam sypatyndaky haýwany entek sowet döwründe, Moskwada bilim alýan wagtyndan bäri tanaýan. Şol wagtlar hem onuň hakyky adyny bilýän az-azdy, ýöne  «Nahal» lakamy bilen okuw jaýynda bilmeýänler hem barmak bukup sanamalydy. Dekanlara we mugallymlara gowy görünmek üçin elinden gelenini, takyk aýdylanda, dilinden gelenini edýärdi. Şeýle etmişleri ýüzüne basylanda, dessine «hakykatyň tarapdary» diýlen maskany geýmek bilen bolýardy. Bu tilsimi entägem ulanýanyna okyjylar hem şaýat.

Wyždan duýgusyny kalbynyň törüne dykyp, şol ýerde ony çüýredip ýok eden bu mahluk üçin «wyždan» leksikonyndaky bir giden sözüň ýekejesidir. Damarlarynda akyp, diline bat beren spirtiň «töwellasyna» çydamadyk talyp-şahyr Akmuhammet «37-nji ýyl gaýdyp gelmezmi» ­- diýen gününden başlap, ýat ýurtlarda bile okap ýören türkmen ildeşleri hem ondan daşda duranyny kem görmezdi. Çünki, «serhoşyň kellesindäki gara pikirleriniň hemmesi  dilindedir» diýlen düşünjä eýerýädiler. Bu ýowuz ýyllarda garalanýanyň wezipesine, kwadrat metrlerine dalaş edip, NKWD organlaryna anonim hatlary ýazan garamaňlaýlardan ejir çekenler Akmuhammediň bile okaýan ildeşleriniň ýatlaryna düşýärdi. Akmuhammet-Nahalyň hem özüni şeýle betnebis we abraýsyz işlerden gyra durmajakdygyna olar gowy düşünýärdi.

Belki, sowata ýeten talyplyk ýyllary Akmuhammet üçin anonim we toslama atlar bilen hat ýazmaga başlan ýyllarydyr. Ýöne, küti galamy eline almazdan ozal hem, çagalykdan ony tanaýan boýdaşlary, Akmuhammet üçin şugullamaklyk dil çykaran günlerinden saýlap alan hobbisidigini bilýärdiler. Ýyllar geçse-de, gan bilen geçen käbir endikler ýa-da häsiýetler üýtgemeýär.  Ençe ýyllar geçse hem, Akmuhammet başgalara esassyz gara ýönkemegi entägem dowam edýär.

Ol bu häsiýetini özüniň ruhy kemçiliklerini bukmak, durmuşyndaky şowsuzlyklary başgalaryň üstüne ýapmak, garalanan adamlardan öz-özüniň gözünde beýgelmek we şahsy bähbitlere ýetmek üçin ulandy.

Edýän işiniň köpçülik tarapyndan ýazgarylýandygyny bilse-de, Nahal özüniň eklenç çeşmesine öwrülen bu gylygyndan entägem dänip bilmeýär, asla dänmegi hem islemeýär.

Elbetde, okyjylar gürrüňiň Akmuhammet Welsaparow barada gidýändigine göz ýetiren bolsalar gerek.

«Welsaparow» familiýasyna ol Moskwadaky okuwyny gutaryp, Türkmenistana gelenden soň geçdi. Okan döwürleri  ol Jumaýewdi.  

Şugulçylygy sebäpli «Jumaýew» familiýa bilen giňden «meşhur» bolan Akmuhammet başga familiýa geçip, geçmişini, eden ýamanlyklaryny bukjak boldy.

«Garga reňkini üýtgetse-de, sesinden tanalar» diýlişi ýaly, familiýany üýtgedeniň bilen bolşuň üýtgeýän bolsa, bu tilsimi ençeler ulanardy.

Akmuhammet Welsaparow özüne «Ak Welsapar» diýip gördi. Garaz öz adyňa ola «Ak» ekeni, «Ýylpyldap duran» diýip dakanyň bilen adamlar seni «Nahal» we «Şugulçy» diýip tanaýar. «Küýkini gabyr hem düzetmez» diýipdirler.