СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: В Балканском велаяте Туркменистана построят здание Центра связи Сегодня, 15:04Туркменистан модернизирует ковровое производство Сегодня, 14:58Туркменистан и Kawasaki выведут на проектную мощность завод «Марыкарбамид» Сегодня, 14:50Президент Туркменистана заслушал доклад о ходе весенних полевых работ Сегодня, 14:46Туркменистан модернизирует объекты для поставок сжиженного газа Сегодня, 14:43В Туркменистане готовят законопроект для популяризации наследия Махтумкули Сегодня, 14:41

Ýazuw nähili peýda boldy?
14 Февраль 2014 г., 19:57

 

Ynsan jemgyýeti öz taryhynyň aglaba köp bölegini hat-ýazuwsyz geçiripdir. Olar hat-ýazuwa ýetip gelýänçäler uzak ýoly basyp geçipdirler. Gepleşigi ýazyp almak üçin birnäçe ýyl mundan öňki belgi alamatlaryndan peýdalanypdyrlar. 1961-nji ýylda Transilwaniýanyň Terteriýa posýologynyň (Rumynyýa) golaýyndan arheologlar juda gadymy hem-de örän syrly surat-belgileri çyzylan üç sany tagta böleginiň üstünden barýarlar. Olar takmynan ýedi müň ýyllyk geçmişe eýe bolan ýazuw ýadigärlikleri eken. Mundan soňky tapyljak ýadigärlikler bize nähili täzeliklerden habar bererkä?

Adamlaryň tejribesi we sowady artdygyça öz bilenlerini ýatda saklamak we başgalara ýetirmek zerurlyklary döreýär. Ony birek - birege duşmak bilen amala aşyrsa-da bolardy. Emma  onuň ynsan hakydasy bilen bagly bolanlygy sebäpli ýatdan çykmagy ähtimaldy. Ynsan gatnaşyklarynda diňe ýazylan söz üstün gelip biljekdi.

Gap - çanaklardaky nagyşlary “ýada salyjy” alamatlar hökmünde peýdalanmak döwrebap ýazuwlarymyza çenli geçilen uzak hem-de muşakgatly ýoluň ilkinji ädimi boldy. Bu alamatlar pikiri uzaltman diňe olary ýadyňa salmak bilen çäklenerdi. Haýsydyr bir zady ýadyňa salmak üçin ýalygyň ujuny düwüp goýmak adaty şondan galypdyr.

Has soňurak gap - çanaklara has aýdyň many berilip başlandy. Olar öňünden özara mälim bolan ylalaşyklar esaynda ýüze çykan signallar we şertli belgilerdir. Agaçlara oýulyp edilen belgiler we nokatlar şonuň ýaly-da uruş yglan ediljek mahaly atylan keman oky şeýle şertli belgileriň wezipesini ýerine ýetiripdir. Tagtajyklaryň ýüzüni kertmek bilen san alamatlaryny aňşarypdyrlar. Beýle hatçöplerden her hili şertnamalar baglanyşylypdyr. Şertnama baglaşanlarynda hatçöpi ortarasyndan iki bölege bölüp, onuň birinji ýary bir tarapa, ikinji ýary beýleki tarapa berilipdir. Hatçöp bölekleri birleşdirilende olar biri - birine laýyk gelipdir. Hatçöpler kalendar görnüşinde hem ulanylypdyr (оňa günleriň, hepdeleriň sany we wakalar oýulyp belgi edilipdir). Olar karz şertnamalarynda dil hat hökmünde hem hyzmat edipdir. Hatyrada uzak wagtlap ýatda saklamaly wakalar hakyndaky maglumatlaryň sanawy hökmünde hem hatçöplerden peýdalanylypdyr.

Takyk hasap - hesip üçin düzzümlerden peýdalanylypdyr. Şeýle hasap - hesip periýaly çopanlarda, Latyn Amerikada we Afrikanyň gadymy halklarynda häzire çenli saklanyp galypdyr. Bir düzüm öküzleri, başga düzüm sygyrlary sanamak üçin hyzmat edýär. Bu düzümler iki tutama bölünip, olaryň birinji tutamy sagylýan sygyrlar, beýleki tutamy bilen bogaz sygyrlar sanalypdyr. Üçünji düzüm tanalary sanamak üçin ulanylypdyr. Düzümdäki düwünleriň sany çopan padasynda näçe baş malyň bardygyny aňladypdyr.

Gadymy hytaýlylar hem hasap - hesip we ýatda saklamak üçin düzümleriň düwünlerinden peýdalanypdyrlar. Gadymy halklarda wagt hasaby hem köplenç ýagdaýda düwünler bilen hasaplanylypdyr. Biziň eramyzdan öň V asyrda ýaşap geçen Dari kalendary munuň aýdyň delilidir.

Gerodotyň aýtmagyna görä, Eýran şasy Dari I Skifiýa ýöriş edende Dunaý derýasyna mahsus gurulan köpriden geçipdir. Dari I köprini saklamak hem-de goramak üçin öz tarapdarlary bolan ioniýalylary ol ýerde galdyrypdyr. Olara altmyş düwmeli kemer berip: ”Bu kemeri alyň we maňa gulak goýuň. Meniň skiflere garşy söweşe çykanymy gören dessiňize, her gün bir düwüni çözüp başlaň. Eger düwünler çöşlenip gutarandan soňam men yzyma dolanmasam onda siz öz watanyňyza gaýdyberiň. Häzirlikçe köpriniň saklawyny güýçlendiriň. Eger şeýtseňiz maňa uly kömek etdigiňiz bolar” - diýip sargapdyr.

Düwünlerden ybarat bolan kalendardan Sibir, Gwineýa, Polineziýa, Gündogar Afrika halklary-da peýdalanypdyrlar.

“Habarlar hasalary” hem hat wezipesini ýerine ýetiripdir. Ol gadymy Ýewropada, gadymy Hytaýda, aswsriýaly we afrikaly kowumlaryň arasynda örän meşhur bolupdyr. Hasalara kertilen bellikler arkaly hakyda nyşanlary düşürilipdir.

“Wampum” kemeri-de Demirgazyk Amerika we hindleriň ýazuwy bolup, onuň şekili juda ajaýyp bolupdyr. “Kähalatlarda bu kemeriň ýüzi habaryň mazmunyny aňladýan suratlar bilen hem bezelipdir. XVII asyryň ahyrynda möhüm syýasy resminama hasaplanylan, ýerligi ak bolan Penna wampumynyň ortasyna iki sany adamyň şar gara şekili düşürilipdir. Bu kemer lenilenapýe kowmundan bolan hindleriň parahatlyk we özara  hyzmatdaşlyk girewi hökmünde peýdalanylypdyr.

 Penna kemeri  ( hat )

Häzirki Perunyň ezelki halky inkleriň düwünlerden ybarat haty - kipu - şekilli ýazgynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Ol şekilli ýazgynyň ähli mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Kipu biri - biriniň içine geçirilip baglanan düwülen düzümler asylan ýogyn ýüpden ýa-da taýajykdan ybarat hatdyr. Düzümleriň we düwünleriň sany, olaryň ulyly - kiçiligi, ýerleşişi we olaryň reňki dürli manyny aňladypdyr. Kipunyň agyrlygy kähalatlarda dört kilograma barabar bolupdyr. Boýalmadyk düzümler sanly hasap we möhüm wakalary ýatda saklamak üçin, reňbe - reň düzümler bolsa has zerur bolan habarlaryň belgileri hökmünde golanylypdyr.

 

Inklap haty                          

Hindilerde her bir reňk özüne has bolan manyny aňladypdyr. Binewşe reňk - howp - hatary ýa-da duşmançylygy, gyzyl reňk - urşy, ak reňk - parahatçylygy, sary reňk -altyny aňladypdyr. Olar dürli reňkleri we düwünleri dürliçe işledip, her hili habar ýollamak mümkinçiligine eýe bolupdyrlar.

Häzirki wagtda hem zerur bolan ýerlerde şekilli ýazuw prinsiplerinden signalizasiýa üçin peýdalanylýar. Meselem, suw ýollarynda hatarly ýerleri aňladýan süzgüç, maýaklar, deňizde signal baýdaklary, gury ýerlerde swetaforlar, signal lampoçkalary ulanylýar. Bularyň hemmesi “Habarlar hasasy” we gadymy düzümlere “garyndaşdyr”.

Peýdalanylan edebiýat: Wiktor Semýonowiç Draçuk, Dorogami tysýaçiletiý.-M.: Mol. Gwardiýa, 1976.