СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Туркменистан готовится отметить 31-ю годовщину Независимости 25 Сентябрь 2022 г., 17:15Президент Туркменистана рассказал о приоритетах внешней политики страны 23 Сентябрь 2022 г., 19:00 На торгах ГТСБТ зарегистрированы 52 сделки 19 Сентябрь 2022 г., 18:53Залог богатого урожая 19 Сентябрь 2022 г., 18:50 ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ВСТРЕТИЛСЯ С ГЕНЕРАЛЬНЫМ СЕКРЕТАРЁМ ШАНХАЙСКОЙ ОРГАНИЗАЦИИ СОТРУДНИЧЕСТВА 16 Сентябрь 2022 г., 09:52Участие министра иностранных Дел Туркменистана в первой встрече стратегического диалога министров иностранных дел Арабских стран Залива и ЦА 08 Сентябрь 2022 г., 19:06

Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi: häkimlere anyk tabşyryklar berildi
19 Июль 2022 г., 03:33

 18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. 

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler, ýygnalan däne hasylynyň kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, orakdan boşan meýdanlarda agrotehniki talaplara laýyklykda sürüm işleriniň geçirilişi barada hasabat berdiler. Suw üpjünçilik meseleleri hem-de şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy hasabatlaryň aýratyn meseleleri boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda bar bolan suw üpjünçilik desgalarynyň talabalaýyk ýagdaýda işledilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu desgalar boýunça degişli seljermeleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem dürli desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanmagynyň, okuw ýylynyň başyna çenli ähli bilim edaralarynda abatlaýyş işleriniň geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanmalydygyna üns çekildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, birnäçe wezipelere olaryň ünsüni çekdi. Ozaly bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleriniň güýçlendirilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde bu ugurda geçirilýän işleriň barşyna berk gözegçilik etmek barada görkezmeler berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işleriň ýagdaýyna içgin seljerme geçirilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine anyk tabşyryklary berdi.

Tohumçylyk işleriniň ösdürilmeginiň öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarynyň hataryndadygyny hem-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň köp babatda tohum serişdeleriniň hiline baglydygyny aýdyp, döwlet Baştutany bu ulgamda işleri talabalaýyk derejede guramagy tabşyrdy.