СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Туркменистан готовится отметить 31-ю годовщину Независимости 25 Сентябрь 2022 г., 17:15Президент Туркменистана рассказал о приоритетах внешней политики страны 23 Сентябрь 2022 г., 19:00 На торгах ГТСБТ зарегистрированы 52 сделки 19 Сентябрь 2022 г., 18:53Залог богатого урожая 19 Сентябрь 2022 г., 18:50 ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ВСТРЕТИЛСЯ С ГЕНЕРАЛЬНЫМ СЕКРЕТАРЁМ ШАНХАЙСКОЙ ОРГАНИЗАЦИИ СОТРУДНИЧЕСТВА 16 Сентябрь 2022 г., 09:52Участие министра иностранных Дел Туркменистана в первой встрече стратегического диалога министров иностранных дел Арабских стран Залива и ЦА 08 Сентябрь 2022 г., 19:06

Aşgabatda iri möçberli halkara ulag forumy geçirildi
19 Июль 2022 г., 03:32

 8-nji iýulda Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Cargo Lux” halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleri bar. Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Adaty görnüşde hem-de sanly ulgam arkaly guralan maslahatyň iş maksatnamasy “Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler” atly plenar mejlisi hem-de “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar”, “Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. “Ýaşyl” infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny”, “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny” atly üç sany iş mejlisini özünde jemleýär.

Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D.Mariýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, ulag-aragatnaşyk we logistika, ykdysady bölümleriniň ýolbaşçysy F.Kormilisin, Halkara Ulag Assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Şu günki duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy hem geçirildi.