СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Президент Туркменистана направил поздравление Эрдогану по случаю Дня Турецкой Республики 29 Октябрь 2026 г., 02:06В Ашхабаде состоялась конференция «Национальные музыкальные инструменты народов мира» 29 Октябрь 2026 г., 02:03В Ашхабаде стартовала региональная конференция РЭЦЦА по метану 29 Октябрь 2026 г., 01:59Сотрудники учреждений образования Туркменистана участвовали в семинаре по ИИ в Китае 29 Октябрь 2026 г., 01:54Глава Туркменистана участвовал в церемонии открытия Парка культуры тюркских стран в Анкаре 29 Октябрь 2026 г., 01:51Туркменистан участвовал в VII Всемирном форуме по межкультурному диалогу в Баку 28 Октябрь 2026 г., 01:33

Türkmenistanyň Prezidenti Teýmirleňiň mawzoleýine baryp gördi
16 Июль 2022 г., 03:52

 Şu gün Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ýene birine — Teýmirleňiň mawzoleýine baryp gördi. «Gur-emir» ady bilen meşhur bolan bu arhitektura ýadygärligi orta asyr Gündogarynyň naýbaşy binagärlik desgalarynyň biri hasaplanýar.   

"Döwlet Baştutany bu ýerde mawzoleýiň gurluşygy bilen bagly maglumatlar bilen tanyşdy" diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, emir Teýmirleň öz döwründe ýurduň paýtagtyny Samarkanda geçirip, şäheri medeni, ykdysady we binagärlik babatda gülledip ösdürmek ugrunda tagalla edipdir. Teýmirleň «Gur-emir» aramgähini 1404-nji ýylda agtygy üçin gurdursa-da, bir ýyldan soňra duýdansyz aradan çykmagy bilen, meşhur hökümdaryň özi hem şol ýerde jaýlanypdyr. Şeýle-de bu mawzoleýiň çäginde Teýmirleňiň ogullarydyr agtyklarynyň, halypasynyňdyr Teýmirler nesilşalygynyň beýleki birnäçe wekilleriniň aramgähleri bar.
Mawzoleý orta asyr binagärlik ussatlygynyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär we gurluşygynda ulanylan dürli görnüşli daşlardyr bezegleriniň sazlaşygy bilen görenleri haýrana goýýar.