СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Ветеран ВОВ из Туркменабата Иван Агупов: вся жизнь – служение Родине 11 Май 2024 г., 16:39Туркменистан и Австрия укрепляют культурные связи 11 Май 2024 г., 16:35Сольный концерт Айболек Мухыевой пройдет в Ашхабаде 11 Май 2024 г., 15:11В Государственном музее Туркменистана открылась выставка «Герои всегда в почёте» 11 Май 2024 г., 15:08Посольство Малайзии в Ашхабаде приглашает туркменские компании принять участие в международной выставке МНАЗ-2024 11 Май 2024 г., 15:0510 новых девятиэтажных жилых домов возведут в жилом массиве Ашхабада 11 Май 2024 г., 15:02

Türkmenistanyň parlamentine saýlawlar hakynda
20 Декабрь 2013 г., 16:30

 

2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda  Türkmenistanyň Mežlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň  deputatlarynyň saýlawy geçdi. Ýurdumyzyň Baş kanuny döwlet häkimiýetiniň Ýerine ýetiriji, Kanun çykaryjy hem Sud häkimiýetine –üç şaha bölünýändigini kepillendirýär.

Ýurdumyzyň Kanun çykaryjy Mežlisine (Parlamentine) deputatlar her bäş ýyldan ses bermäge hukukl;y raýatlarymyzyň (18 ýaşan raýatymyz ses bermäge gatnaşýa) gatnaşmagynda gizlin ses bermek arkaly saýlanýar.  Türkmenistanyň Mežlisine  125 okrug boýunça 125 deputat saýlanýar. Baş Kanunymyzyň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen täze redaksiýasynda kepillendirilişi ýaly, ýurdumyzyň Parlamenti ýeke-täk Kanun çykaryjy häkimiýete eýedir. Şeýlelikde ýurdumyzyň Mežlisine dördünji çagyrylyşynyň 2008-nji ýylyň dekabrynda saýlanan 125 deputaty Türkmenistanyň ýalňyz kanun çykaryjy organynyň wekilleri boldular. 

Türkmenistanyň Mežlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary ýurdumyzda adam hukuklarynyň, mertebesiniň goralaşyny halkara ülňesine laýyk getirmek üçin 500 gowrak derwaýys kanun kabul edipdirler. Ol kanunlaryň içinde  „Metbugat“, „Syýasy partiýalary hem jemgyýetçilik guramalaryny döretmek, „Ylmy işgärleriň hukugyny goramak“ ýaly täze kabul edilen onlarça  kanunlarymyz   raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara ülňesine laýyk getirrmek maksadyndan ugur alýandygyna kepil geçýär.

„Syýasy partiýalary hem jemgyýetçilik guramalary döeretmek“  hakyndaky Kanunyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzda  „Senagatçylar  hem telekeçiler“ partiýasy emele geldi. Dogrusyny dogry aýdalyň, ýurdumyzda emele gelen ikinji partiýanyň döredilmeginde hökümetiň  rolynyň güýçlidigini, ol partiýanyň hem hökümetiň „jübi“ partiýasydygyny  belläp, tankyt edýän halkara guramalary-da bar. Elbetde, islendik halkara  guramalarynyň wekilleriniň öz emele getiren syýasy we aň mentaliteninden ugur alyp netijä gelýändigi belli hakykat. Şonuň üçin halkara guramalarynyň tankydy garaýşy hakynda jedele girmek meýlimiz ýok, çünki pikir tapawutlylygy jemgyýeti ösdürýär. Emma  häzirki ýurdumyzda  dörän ikinji partiýanyň geljekde ýurdumyzda dörejek syýasy partiýalaryň  köpelip gitmegine esas boljagyny welin çekinmän aýdyp biljek.  Sebäbi munuň şeýle bolýandygyny gojaman taryh doly subut etdi.

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda  Türkiýe Respublikasynda döredilen kiçi derejedäki syýasy partiýanyň  hökümetiň „jübi“ partiýasydygy hakynda kän aýdylypdy.  Emma şol „jübi“ atlandyrylan syýasy partiýa 25 ýyldan, Türkiýede syýasy partiýalaryň sanynyň onlarça bolmagyna esas bolupdy.  Bu günki gün bolsa Türkiýede näçe syýasy partiýanyň bardygyny  diňe ol doganlyk ýurdumyzyň „Adalat“ Ministrligi bilýän bolsa gerek. Şol sebäpli Türkmenistanyň hem ýakyn ýyllarda köppartiýaly ýurda öwrüljekdigine köpler şübhelenmeýän bolsa gerek. Edil häzirki ýagdaýy alanymyzda hem, ýurdumyzda iki syýasy partiýanyň bardygy öňki bir partiýaly düzgünimizden has gowydygyny bellemek isleýäris.

Türkmenistanyň Mežlisine bäşinji çagyrylyşynyň deputlarynyň saýlawyna görkezilen dalaşgärler 283 sany ekeni. Olaryň 99-sy demokratik partiýadan, 21-si senagatçylar hem telekeçiler partiýasyndan, 89-sy Kärdeşler arkalaşygyndan, 37-si aýallar guramasyndan, 22-si Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan, 15-si   bolsa raýatlar toparyndan dalaşgär görkezilipdir. Her deputatlyk orny üçin ortaça 2,3 barabar dalaşgär bäsleşdi..

Türkmenistanyň Mež1isine bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna öz ýerli synçylarymyzdan daşgary çakylyk boýunça Garaşsyz döwletleriň arkalaşyklarynyň gözegçiler Toparynyň 68 agzasy, şeýle hem ilkinji gezek Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Ýewropada Howpsuzlyk hem Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň gözegçiler Topary, Ýewropada Hiwpsuzlyk hem Hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary edarasynyň wekilleri synçylyk etdiler.

Garaşsyz döwletleriň arkalaşyklarynyň gözegçiler Toparynda Russiýa federasiýasynyň, Azerbaýjan, Belarus, Ukrain, Gyrgyzystan,  Özbegistan  Gazakystan  Respublikasynyň – mahlasy sekiz döwletiň  synçylar dan wekilleri bar.  Daşary ýurt synçylarynyň özara ylalaşygy netijesinde gözegçiler Toparynyň başlygy Garaşsyz döwletleriň arkalaşyklarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy S. Lebedowdyr.  Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Ýewropada Howpsuzlyk hem Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň gözegçiler Toparynda Italiýanyň, Hoirwatiýanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Şwesiýanyň, Şwesarýanyň, Portugaliýanyň, Orsýetiň Parlamentiniň wekilleri bar. Olaryň ýolbaşçysy Jeýms  Walşdyr

Garaşsyz döwletleriň arkalaşyklarynyň gözegçiler Toparynyň ýaýradan maglumatyna görä,  bu gözegçiler Toparynyň 68 agzasam 27-nji noýabrda hasaba alnyp,  GDA-nyň  Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň Orunbasary, Ýerine ýetiriji sekretary W. G. Garkun   Saýlawlar hem Sala salyşyklar boýunça komitetiň başlygy O. Nyýazow, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri R. Meredow, Türkmenistanyň Mežlisiniň başlygy H. Nurberdiýewa  bilen  duşuşyp, olar gözegçiler Toparynyň işleriniň meýilnamalaryny  ara alyp maslahatlaşyp ylalaşypdyrlar. Gözegçiler Toparynyň wekilleri  saýlawlarda syýasy bitaraplygy saklap gözegçili etjekdiklerini habar beren bolsalar,  türkmen tarapy Milli kanunlarymyz esasynda  halkara  gözegçileriniň kadalaýyk işlemegi hem gözegçilik etmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini ynandyrypdyrlar. 

Gözegçiler Toparynyň ýaýradan beýannamasynda şaýatlyk etmegine görä,  Türkmenistanda Türkmenistanyň Mežlisine  deputatlyga saýlawlaryň guramaçylygynyň örän ýokarydygyny belleýärler.   Türkmenistanyň her bir saýlaw okrugy hem okrugyň ýerli 2446, şeýle hem daşary ýurtdaky 33 bölümçesi dolulygyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir.  Daşary ýurt gözegçiler Toparynyň wekilleri Aşgabat şäeriniň 1, 10, , Mary welaýatynyň 97, 100,  Ahal welaýatynyň 20,  Daşoguz welaýatynyň 42, 43, 59,  Lebap welaýatynyň 74, 76, 78, 79, Balkan welaýatynyň bolsa 34, 35-nji okrugynda bolup, olar saýlawlara taýarlyk işleri bilen doly tanyşypdyrlar. Gözegçiler Toparynyň wekilleri käbir okrugyň ýerli bölümçelerine baryp,  wagtyndan öň 5-nji dekabrda başlanan ses berişlige syn edipdirler.

Türkmenistanyň Saýlaw okruglary, onuň ýerli bölümçeleri örän amatly ýerde ýerleşdirilendir. Deputatlyga dalaşgärlere ýurduň metbugatynda hem habar beriş serişdesinde deň şertler üpjün edilipdir. Dalaşgerleri tanyşdyrmak, olar hakda maglumat almak hem deň deerejede kepillendirilen.

Türkmenistanyň deputatlygyna dalaşgärler döwlet tele-radiosynda  bellenen wagtda agşam 7-11 aralykda meýilnamalary bilen çykyş etdiler, olar metbugatda hem deň şertde wagyz işlerini alyp bardylar. Dalaşgärleriň ýerlerde geçen duşuşygynda  saýlawçylar özleriniň arz-şikaýatlaryny, arzuwlaryny açyk aýdyp, dalaşgärlere sowal beripdirler, gyzyklanýan meselelerine garaýyşlaryny sorapdyrlar. Mahlasy, Türkmenistanyň Mežlisiniň deputatlygyna Saýlawlary geçirmek 2013-nji ýylyň maýynda kabul edilen „Saýlawlar“ Kodeksine laýyklykda alnyp barylypdyr.

Saýlawçylara saýlawa gatnaşmaga çakylyk on bäş gün öňünden paýlanyp, her bir saýlawçynyň haýsy belgi, tertip esasynda saýlawa barmalydygy doly anyk.  Saýlawlary geçirmek boýunça ynanylan ýerli wekilleriň hemmesi diýen ýaly ýokary bilimli ýa-da işinde abraýly raýatlarymyzdyr. Olar dalaşgärlere bitarap bolmakda uly tejribä eýe adamlar.

Elbetde, ýurdumyzda Saýlawlary geçirmek boýunça ähli zat gülala-güllük diýjek bolamzok. Saýlawlary geçirmek boýunça kemçiliklerem bardyr, derwaýys çözülmeli meselerem bardyr. Ýöne kemçilikleri, çözülmeli meseleleri ýuwaş-ýuwaşdan düzetmäge umutlar bar. Onsoňam Türkmenistan ýaş, indi kem-kemden tejribe toplaýan döwlet, şuny hem hasaba almaly.

Türkmenistanyň Saýlawlary hem Sala salyşyklary geçirmek boýunça Merkezi Toparyň deslapky ýaýradan maglumatyna görä, ýurdumyzda ses bermäge hukukly üç milliondan gowrak raýatlarymyzyň 91,3 % sesini beripdir. Ol saýlawyň netijesi Kanun boýunça on günüň dowamynda gutarnykly yglan edilmeli.

 Türkmenistanyň Mežlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna ilkinji gezek Ýewropan hem Garaşsyz döwletleriň arkalaşyklarynyň hersinden sekiz döwletiniň, jemi on alty döwletiň  Parlamentiniň wekilleri- deputatlary gözegçilik etdiler.  Garaşsyz döwletleriň arkalaşyklarynyň gözegçiler Toparynyň başlygy S. Lebedow „Türkmenistanyň Parlament saýlawlarynyň Milli kanunymyza hem Halkara ülňelerine laýyk, demokratik ýagdaýda geçendigini naýdyp,  16-njy dekabrda jemleýji metbugat maslahatynda çykyş etdi. ÝHHG-nyň wekilleri bolsa iki aýdan Saýlawyň netijesi hakynda hasabat ýaýratjagyny aýtdylar. Nähili bolanda hem Türkmenistan daşary ýurt Gözegçiler Toparynyň gelen netijelerine hormat bilen garap, degişli netije hem çykar.

Mahlasy Türkmenistanda geçen şu gezekki  Parlament Saýlawy köppartiýaly saýlawyň ilkinji synanyşygy, bu saýlaw geljek köppartiýaly Parlament saýlawlarynyň esasyny emele getirendigi üçinem taryhy ähmiýete eýe bolar. Şonuň üçin Türkmenistanyň Mežlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň saýlanan deputatlarynyň halk, ýurt bähbidinden ugur alyp işlejekdiklerine umut edýäris.

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty.