СЕГОДНЯ НА САЙТЕ: Сердар Бердымухамедов встретился в Кремле с Президентом Путиным Сегодня, 12:38Обсуждены возможности сотрудничества Туркменской консерватории и Высшей школы музыки Парижа Сегодня, 12:35Делегация туркменского вуза знакомится с Грацским техническим университетом в Австрии Сегодня, 12:18В Туркменистане вышел в свет четвертый номер журнала «Молодежь с Аркадагом» Сегодня, 12:10Президент Туркменистана подарил жителям Ахалского велаята около 200 новых автобусов Сегодня, 12:07Президента Туркменистана с Днем Победы поздравил Александр Лукашенко Сегодня, 11:21

Harby bilim - harby hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ugrudyr
27 Ноябрь 2013 г., 17:25

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň nusgalyk ýokary derejesini we göreldesini görkezýän, bilim ulgamyny ösdürmek işine döwlet işiniň möhüm ugry hökmünde garaýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça ökde hünärmenleriň  taýýarlanmagyna hem-de olary taýýarlamagyň esasy bilim ojaklary bolan ýokary okuw mekdepleriniň işine uly ähmiýet berýär. Muny döwlet Baştutanymyzyň aladalary we taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň barha artýanlygy-da, diňe geçen ýyl Türkmen döwlet nebit we gaz  institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň açylmagy-da, ýokary okuw mekdepleri  üçin döwrebap, kämil tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan täze binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi-de, türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim almaklary we eziz Watanymyza ýokary bilimli hünärmenler bolup gelmekleri üçin mümkinçilikleriň döredilmegi-de tassyklaýar. Mähriban Arkadagymyzyň aladasy bilen durmuşa geçirilýän bu işleriň hemmesi türkmen ýaşlarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklaryna, döwrebap ýokary bilimli milli hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem-de şonuň netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda öňegidişlikleriň gazanylmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzyň ösýän bilim ulgamynda harby bilimiň hem mynasyp orny bar. Harby bilim harby hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly  Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň watansöýüjilikde, ýokary harby hünär ussatlygynda görkezýan göreldesi harby bilim almaga, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň goragçysy bolmaga höwes edýän ýaşlaryň sanynyň barha artmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri  we beýleki goşunlary üçin ýokary bilimli ofiserleri taýýarlaýan, harby bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bolsa, şeýle ýaşlara gapysyny giňden açýar.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmekde Watanymyzyň parahatçylygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň goragynda duran hem-de kepili  bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň, olarda mukaddes harby borjy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana wepadarlyk bilen ýerine ýetirýän Watan goragçylarynyň-da saldamly goşantlary bar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda Türkmenistany goramagyň her bir raýatymyzyň mukaddes borjudygy nygtalýar. Bu mukaddes borç ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň borçnamalaýyn harby gullukçylarynyň gönüden-göni jogapkärli borjudyr. Munuň özi bolsa harby hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm işdigini görkezýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz, Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmaklarynda geçirilýän mejlislerinde ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň möhüm işdigini yzygiderli nygtaýar. Galyberse-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynda daşymyzyň sarsmaz galasy bolan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň  we beýleki goşunlarynyň ösüşinde harby gullukçylary taýýarlamak, harby bilimi has-da kämilleşdirmek we harby ylmy ösdürmek göz öňünde tutulandyr.

Gadymy we müdimi taryhymyz halkymyzyň kämil harby sungatynyň bolandygyna, şol sanda harby bilimiň taryhynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Goşunyň düzülişini, dolandyrylyşyny, ýaraglandyrylyşyny beýan edýän gadymy eserler irki harby bilimiň çeşmeleri bolupdyr diýmäge esas berýär.

Aýdylşyna görä, Alp Arslan soltanyň ogly şazada Mälige atalyk ulamalar her günde on sagat dürli ylymlary okadypdyrlar, birnäçe sagat beden hem söweş türgenleşigini geçiripdirler. Baýram han bolsa goşunyň söweşe ukyply bolmagy üçin esgerleriň biliminiň nähili bolmalydygyny kesgitläpdir. Baýram hanyň ogly Abdyrahym han hem harby sungaty bilen taryhda öçmejek yz galdyrypdyr.

Ýurt Garaşsyzlygymyzy alan döwürlerimizde ozalky SSSR-iň dargamagy bilen, milli harby hünärmenleri taýýarlamak, harby bilimi ösdürmek meselesi örboýuna galypdy. Şeýlelikde, 1992-nji ýylda ilkinji harby kafedra, 1993-nji ýylda bolsa Harby institut açylypdy.

Ýöne, ýurdumyzda milli harby hünärmenleri taýýarlamak işiniň we harby bilimiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns-aladasy netijesinde ösüşe eýe bolandygyny hakykatyň hatyrasyna bellemek gerek. Üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän harby özgertmeler harby bilimiň has-da ösmegine, ýokary bilimli milli harby hünärmenleriň taýýarlanmagyna itergi berdi. Häzirki wagtda ýurtda ýokary harby okuw mekdepleriniň birnäçesi, ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň üçüsi, ýokary okuw mekdepleriniň bäşisinde bolsa harby kafedralar bar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmegiň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy tassyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda Harby-deňiz güýçleriniň güni döredildi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda hem-de Watanymyzyň deňiz serhedini ygtybarly goramak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek, zerur hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty döredildi.

Edermen serhetçilerimiz serhedimizi dostluk-doganlyk serhedine öwürmek bilen, mukaddes harby borjy birkemsiz ýerine ýetirýärler. Döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün edýän bu gulluk üçin ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutynyň döredilmegi harby bilim ulgamynyň senenamasyna şanly taryhy waka hökmünde ebedilik girdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerinde, ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde, harby kafedralarda okuw-terbiýeçilik işleri bildirilýän talaplara laýyklykda guralýar we alnyp barylýar. Olaryň okuw-terbiýeçilik işi harby talyplara, harby okuwçylara, polisiýanyň talyplaryna we harby kafedralarda okadylýan, harby tälim öwredilýan talyplara harby-watançylyk terbiýesini bermäge, döwletimiziň içeri we daşary syýasatlaryny wagyz etmäge, geljegini mukaddes harby borja, ýurdumyzyň goragyna bagyş etjek Watan goragçylaryny taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu jogapkärli işde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik watansöýüjiligi, sagdynlykda, ruhubelentlikde, harby hünär ussatlygynda görkezýän nusgalyk göreldesi, ajaýyp kitaplary, harby-watançylyk çagyryşlary örän uly ähmiýete eýedir.